Saýat Nowa — şahyr hem sazanda

4 Dekabr 2024
174

Gojaman Köpetdagyň etegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh top­lumynda dünýäniň belli döredijilik işgärleriniň arasynda Saýat Nowanyň hem heýkeli bar. Bir eliniň saz gurally, beýleki eliniň hem galamly görnüşinde şekillendirilmegi onuň şahyr hem aýdymçy-sazanda hökmünde meşhur bolandygyny ýüze çykarýar.

Saýat Nowa meşhur ermeni şahyry Arutýun Saýadýanyň edebi lakamydyr. Ol Tbilisi şäherinde dokmaçynyň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy Karapet Saýadýan belli dokmaçy hökmünde özüni tanadypdyr. Saýat Nowa ilkinji bilimi mekdepde alypdyr we çagalygyndan döredijilik bilen meşgullanyp başlapdyr. Ilkinji goşgularyny şol ýyllarda döredipdir. Şol ýyllarda ol aýdym-saz bilen hem meşgullanyp başlapdyr. Gündogar saz gurallaryny, esasan-da, kemençe çalmagy öwrenipdir.

Nursoltan HEZZIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.