Sagdyn diş — sagdyn beden

14 Noýabr 2024
260

Dişleriň kariýesiniň, dişýany dokumalaryň we agzyň nemli bardasynyň keselleriniň öňüni almak meselesi stomatologiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Ol keseller adamda aýry-aýry sebäpleriň täsir etmeginiň netijesinde döreýär. Şoňa görä-de, profilaktika — degerli anyk çäreleriň kompleksi bolup, kesel döredýän amatsyz şertleriň döremeginiň ýa-da olaryň belli bir sebäplerine täsir edýän şertleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Dişleri arassalaýjylaryň biri diş çotgasydyr. Diş çotgasy dişleri arassalamak we olara derman sürtmek üçin esasy guraldyr. Diş çotgalary özleriniň tüý çogdamlarynyň görnüşi, ýerleşişi we gatylyk-ýumşaklygy bilen tapawutlanýarlar. Diş çotgalarynyň tüý çogdamlary ýerleşende biri-birine ýapgyt bolup, konusy ýada salmalydyr. Şeýle görnüşde ýerleşenlerinde tüý çogdamlary dişler arassalanýan wagty dişara boşluklaryna aňsat girip bilýärler we şol ýerleri töweregi bilen göwnejaý arassalaýarlar. Çagalaryň we uly adamlaryň diş çotgalarynyň görnüşleri aýratyndyr. Olar stomatolog lukmanyň maslahaty boýunça adamyň ýaşyna we agzynyň ýagdaýyna baglylykda saýlanylmalydyr. Emeli tüýli diş çotgalar gatyrak bolup, belli bir ýagdaýlarda, dişleriň gaty dokumalaryny sürtüp, amatsyz täsir edip bilerler.

Maksat NURYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.