Ene süýdi

12 Noýabr 2024
276

Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bäbejikleriň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini goldamak, şeýlelik bilen sagdyn nesli kemala getirmek wezipesi döwlet syýasatynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Ene süýdünden kadaly doýýan çaganyň dünýäsi gözelleşýär, çaga bedeni bolsa mähirden pürepürlenýär. Çagajyga mähir-söýgi ene süýdünden, enäniň ýyly gujagyndan, mahmal deminden geçýär.

Dünýä inen çaga ömrüniň ilkinji alty aýynda ene süýdünden başga hiç zat berilmeli däl. Onuň ilkinji iýmiti bolan ene süýdi çaganyň täze ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşmagy üçin, ýokumy hiç bir nygmat bilen deňelmejek tebigy iýmitdir. Ol diňe bir iýmit bolmak bilen çäklenmän, eýsem, keselleriň öňüni alyjy güýçli serişdedir. Enäniň ilkinji owuz süýdi kesellerden goraýan antitelalara örän baýdyr. Ene süýdi bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edýär, ýokanç kesellerden goraýar, semremek howpuny azaldýar.

Gülşat AŞYROWA,
Gökdepe şäher «Ene mähri» merkeziniň lukmany.