Döwrebap tehnologiýalaryň möhüm orny

3 Noýabr 2024
429

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, öňdebaryjy dünýä tejribesi esasynda innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.

Halkara giňişlikde maglumat eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän häzirki döwürde islendik ugurda üstünlige ýetmek üçin sanly ulgamy netijeli peýdalanmagy başarmak möhüm wezipedir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we täzeçil çözgütleriň ornaşdyrylmagy ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak babatda ägirt uly mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli kämilleşýän tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy başarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak derwaýys wezipedir.

Oguljan AMANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.