Sporta, sagdyn durmuşa sarpa

2 Noýabr 2024
304

Ýurdumyzda sporty ösdürmek, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda Watanymyzyň sport abraýyny belende götermeklerini gazanmak ugrunda uly işler alnyp barylýar, bu döwlet syýasatynda hemişe üns berilýän ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bu hakykat ýene bir ýola aýdyň beýanyny tapdy. Döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garalan mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

«Türkmen sporty».