Saglyk ýoly – sagdynlygyň mesgeni

2 Noýabr 2024
294

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagy Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Çünki saglyk her bir raýatyň we tutuş jemgyýetiň iň uly baýlygydyr. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň söýgüli mekanlarynyň biri hem Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Saglyk ýoludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden döwründe gurlup, ulanylmaga berlen Saglyk ýolunyň umumy uzynlygy 36 kilometre barabar bolup, onuň iň belent nokady deňiz derejesinden 1000 metr beýiklikde ýerleşýär. Şondan bäri Saglyk ýoly köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Muhammet ATAÝEW,
TDB we SI-niň mugallymy.