Kämillik çagalykdan başlanýar

29 Oktýabr 2024
491

Ynsan durmuşynda ilkinji zatlaryň ählisi hakydasynda hemişelik galýar. Mekdep bosagasyndan ätlän ilkinji günüň durmuşyňda ýatdan çykmajak iň ýakymly günler bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim alyp, hünärli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin edýän aladalary deňsiz-taýsyzdyr. Çagalykda öwrenilen zat ynsanyň kalbyna uzak wagtlap ýazylýar. Şonuň üçinem: «Çagakaň öwrenen zadyň daşa ýazylan ýaly» diýilýär.

Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Çagalaryň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň döwrebap, häzirki zaman şertlerinde bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Bilim ojaklary häzirki zaman enjamlary, döwrebap kompýuterler bilen üpjün edilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ak mekdepleriň gapysyndan ilkinji ädimi äden körpeleriň her birine Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuter dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Halkymyzda bilim öwrenmek, ylymly bolmak asylly ýörelge hasaplanýar. Bilim — röwşen geljegiň şamçyragy. Şonuň üçin ýaşlaryň terbiýesi hem mukaddes hasaplanýar. Ene-ata çaga terbiýe berýär, mugallym bu terbiýäni ösdürýär, bilim öwredýär, ylymly bolmagyna ýardam edýär.

Mährijemal BEREKETOWA,
Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiň mugallymy.