Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen

24 Oktýabr 2024
343

Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek bilen, halkara geosyýasy giňişlikde öz abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ýokary derejedäki forumlaryna gatnaşmaklary halkara hyzmatdaşlygyň has netijeli we döwrüň talabyna laýyk gelýän görnüşini kemala getirmekde ýurdumyzyň işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Golaýda paýtagtymyzda birnäçe döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi hem Magtymguly Pyragynyň öňe süren hoşniýetli garaýyşlarynyň, belent ynsanperwer ideýalarynyň adamzat üçin ilkinji derejeli gymmatlyk bolup galýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

Mälim bolşy ýaly, 10-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasy açyldy. Ol halkara jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çeken möhüm wakalaryň biri boldy. Oňa gatnaşmak üçin 26-njy sentýabr — 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrdy. 27-nji sentýabrda bolsa ýurdumyz sessiýada ählumumy howpsuzlyk meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan edip, netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjek başlangyçlary öňe sürdi. Onda, hususan-da, ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak teklip edildi. Türkmenistan gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň, şeýle hem Bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy ileri tutýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, jedelleri we dawalary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmegiň, parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek zerur.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».