Aşgabatda “OGT 2024” Halkara maslahaty we sergisi açyldy

23 Oktýabr 2024
331

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. 

Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çärelere gatnaşyjylary gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny netijeli ara alyp maslahatlaşmakda amatly meýdança hökmünde bu maslahatyň ähmiýetini hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. “Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilýän sergi ony synlamaga gelýänleriň ählisini innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we täze taslamalar bilen içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.