Sowat öwretmekde kämil usullar

22 Oktýabr 2024
621

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime uly üns berilýär, çünki kämil ýaşlary kemala getirmek röwşen geljegimiziň binýadydyr. Şonuň üçin hem ylymly-bilimli nesiller dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp barjak hünärmenlerdir. Şeýle hünärleriň biri hem mugallymçylyk hünäri bolup, bu ugurda kämil ýaşlar ýetişýär. Bu ugurdan bilimleri öwretmek, pedagogikanyň aýratynlyklaryny düşündirmek bilen, geljekki mugallymlar, bilim işgärleri taýýarlanylýar. Esasan hem, mugallymçylyk ugrundan okaýan ýaşlara okatmagyň iň kämil usullary öwredilýär. Şu nukdaýnazardan, okatmagyň we pedagogikanyň käbir aýratynlyklaryna nazar aýlap geçmek zerurdyr.

Bilim öwretmegiň öňdebaryjy usullary döwrebaplygy, çaganyň bilime bolan höwesiniň artdyrylmagyny nazara alýar. Şunda häzirki döwrüň mümkinçilikleri, şol sanda sanly tehnologiýalar, multimedia serişdeleri hem yzygiderli ulanylýar. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Has takygy, umumy okuwlar arkaly aýry-aýry temalar, meseleler boýunça maslahat görnüşinde görelde sapaklaryny guramak, işjeň oýunlar arkaly sapaklary guramak, krosswordlar, testler, çekişmeler, internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak ýaly görnüşleri beýan etmek bolar. Matematika sapaklarynda san maglumatlaryny ulanmak, multimedia tagtasynda dürli görnüşli meseleleri çözmek bilen okuwçynyň aňy ösdürilýär hem-de tema oňat özleşdirilýär.

Mämmetjuma MUHAMMETJUMAÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.