Ene dilim — eziz dilim

22 Oktýabr 2024
523

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge hem, olarda watansöýüjiligi kemala getirmäge hem binýat bolup durýar. Watansöýüjilik halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan sarpadan başlanýar. Munuň özi bolsa dilimizi öwrenmäge, söz baýlyklaryna düşünmäge biziň her birimizi ruhlandyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylym-bilimiň ösüşine, ýaşlaryň giň dünýägaraýşyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň bilim almaklary, kämil hünärmenler bolmaklary üçin, ilkinji nobatda, ene dillerini bilmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri wajyp bolup durýar. Şonuň üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde türkmen diliniň çuňňur öwredilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň ilki bilen, ýaşlaryň okaýan ugurlaryna çuňňur düşünmeklerine, pikirini sagdyn beýan etmeklerine, iň esasysy bolsa, sagdyn pikirlenmeklerine oňat täsiri bardyr.

Ogulbeg ANNAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň müdiri.