Gymmatly gollanmalar

22 Oktýabr 2024
423

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidini, ýurdumyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Şeýle döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mazmunly kitaplary röwşen geljege uzaýan ýolda halkymyz üçin, aýratyn-da ösüp gelýän nesil üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Çünki bu eserlerde beýan edilýän parasatly pikirler halkymyzyň bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr.

Hormatly Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Baý many-mazmunly kitabyň watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýändigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her birimiziň işimizde gymmatly gollanma bolup durýandygyna diýseň guwanýarys.

Hemragül SÖÝÜNOWA,
Aşgabat şäherindäki 121-nji orta mekdebiň kitaphana müdiri.