Parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna

21 Oktýabr 2024
457

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumyny döretmek başlangyjy ilkinji gezek 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüpdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 14-nji oktýabrynda bolsa Türkmenistanyň Mejlisinde «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» diýen at bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen bir hatarda, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Won-şik U, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mažilisiniň Başlygy Ýerlan  Koşanow,  Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy Nurlanbek  Şakiýew,  Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmodtoir Zokirzoda,  Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy Nuriddin Ismoilow gatnaşdylar.

Merdan TUWAKOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklary baradaky komitetiniň agzasy.