Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça geçirilen duşuşyk

21 Oktýabr 2024
319

Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň “Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnasyny” (Aktau Teswirnamasy) durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň arasynda bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekili hem gatnaşdy.

Geçirilen çäräniň dowamynda “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, deňiz gurşawynyň nebit bilen hapalanmagyna garşy göreşmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk” meýilnamasynyň taslamasyna seredildi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri tarapyndan, nebit dökülmeleriniň öňüni almak we ýok etmek boýunça milli meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.