Milli bilim ulgamynda sanly özgertmeler

20 Oktýabr 2024
395

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegi babatda beýik başlangyçlar öňe sürülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa ornaşdyrylýan bilim özgertmeleri strategik maksatlary amala aşyrmagyň we ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmagyň esasy özenini düzýär. Çünki her bir ýurduň islendik ugurdaky ösüşiniň ýaşlara berilýän bilim-ylym bilen berk baglanyşyklydygy ählimize mälimdir. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär.

Buýsanç bilen belläp geçsek, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, bilim bermegiň, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, okuw işiniň täsirliligini artdyrmak, bilim edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň intellektual ösüşini goldamak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklaryna, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmaklaryna, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berýär.

Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.