Düşelgedäki dabara

19 Oktýabr 2024
317

Ahal welaýatynda pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, «ak altyn» ussatlaryny zähmet üstünligine ruhlandyrmak boýunça pagtaçylaryň arasynda höweslendiriş çärelerini geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň çägindäki meýdan düşelgesinde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek üçin guralan aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasy şeýle çäreleriň biri boldy.

Etrap häkimligi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti hem-de etrabyň medeniýet bölümi tarapyndan guralan medeni-dynç alyş dabarasyndan daýhan hojalygynyň zähmetkeşleri — ýygymçy gyz-gelinler, pagta ýygyjy kombaýnlaryň mehanizatorlary, hasyly harmana daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileri hoşal boldular.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.