Halkymyzyň uçar ganatyna, milli buýsanjyna deňelýän ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň netijesinde 2023-nji ýylyň dekabrynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda kemala gelen Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji oktýabrynda geçirilen maslahatda degişli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaraly maslahatda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny şanly waka bilen gutlap, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany gowşurdy. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlara uzaýan taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir ýola tassyklaýar.