Ykbal özgerdiji ösüşler

18 Oktýabr 2024
376

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary we döwletli tutumlary berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýarlygyna, ata Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilmegine oňyn täsir edýär. Şol sanda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň mazmuny we oňyn netijeleri bilim bermegiň we okatmagyň täze usullaryndan peýdalanmak, dünýä ylymlaryndan baş çykarýan bilimli we döredijilikli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky işlerinde öz beýanyny tapýar. Bular dogrusynda şu günler etrabymyzyň bilim edaralarynda geçirilýän duşuşyklarda hem buýsançly çykyşlar diňlenilýär.

Şeýle duşuşyklarda bilim işgärleri ýurdumyzda innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim bermegiň we okatmagyň täze usullaryndan peýdalanylmagynyň netijesinde ösen aň-düşünjeli, kämil pikirlenmegi başarýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini nygtaýarlar. Şeýle hem soňky ýyllarda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuw otaglarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgamyň we internet mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşjak ýaşlaryň sanynyň artmagyna getirýär. Bu ugurda bilim işgärleriniň hünär derejesini we ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän okuw maslahatlarynyň, özara tejribe alyşmalaryň hem ähmiýetiniň uludygy çykyşlarda bellenilýär.

Bahargül KADYROWA,
Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy.