Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa degişli bolan Çärjew etrabyndaky «Hepdelik» haryt nyşanly hususy önümçiliginde süýji-köke, çörek önümlerini, şeýle-de peýnir öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar.
Bu ýerde datly tagamlaryň 32 görnüşi taýýarlanylyp, ilata hödürlenilýär. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, işlerini awtomatlaşdyrylan usulda alyp barýan «Hepdeligiň» agzybir işçi-hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri çörek we süýji-köke önümleriniň 33 tonnadan gowragyny, peýniriň bolsa 19 tonna golaýyny öndürip, ak bazarlarymyza ugratdylar. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.