Ösüşleriň mekany

12 Oktýabr 2024
340

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, berk bedenli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan dörän Arkadag şäheri hem ýaşamak, zähmet çekmek, döwrebap bilim almak, sport bilen meşgullanmak, medeniýetli dynç almak üçin ähli şertleri özünde jemleýär.

Bilim ojaklarynyň mekany bolan bu «akylly» şäheriň görküne görk goşup duran zähmet ojagymyzyň — Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyzyň çäginde ýerleşýän sport toplumy sportuň futbol, futzal, woleýbol, basketbol, tennis, stol tennisi, suwda ýüzmek, agyr we ýeňil atletika görnüşlerinden türgenleşik geçmek üçin ähli şertleri özünde jemleýär. Şeýle hem sport toplumynda hem-de umumy ýaşaýyş jaýynda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik zallary bar.

Rejepmuhammet ANNAMOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar kafedrasynyň bedenterbiýe mugallymy.