Oýnawaçlar çagalaryň akyl we fiziki endiklerini ösdürmäge mümkinçilik berýär. Körpejeler oýnawaçlaryna güýmenmek arkaly daş-töweregi öwrenýärler. Mysal üçin, haýwanlary sesinden we şekilinden tanamagy, san sanamagy, ýazmagy, surat çekmegi, gysgajyk aýdymlary, saz çalmagy, inženerçilik hasaplamalary öwrenýärler. Mundan başga-da, oýnawaçlar çagalaryň hyýallarynyň ösmegine, ünsüniň güýçlenmegine, el-barmak endikleriniň kämilleşmegine, çözgüt tapmak, baş alyp çykmak endikleriniň ýokarlanmagyna, köpçülik bilen dil tapyşmaga, sabyrly bolmaga, hoşamaý bolmaga, tebigata has ýakyn bolmaga mümkinçilik berýär.
Çagalar hemişe akyl we psihologik taýdan ösüşde bolansoňlar, oýnawaçlaryny, şahsy zatlaryny tertiplemegi bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda ata-eneler çagalara gaharlanmagyň ýerine oýnawaçlary tertipläp goýmagy, güýmenje esbaplaryny soňam oýnamalydygyny düşündirmeli. Otagy tertiplemek, oýnawaçlaryny ýerli-ýerine goýmak çagalar üçin içgysgynç bolup görünýär. Şol sebäpli körpejeler bilen oýun oýnaýan ýaly görnüşde oýunjaklaryny ýygnamagy endige öwürmeli. Oýunlar kim köp oýnawaç toplamak, oýnawaçlary kim çalt ýygnamak ýaly görnüşde bolup biler. Şeýle ýagdaýda çagalar oýnawaçlaryny has eý görüp, toparlap goýmaga düşüner. Soňra çagalara tertipli we bulam-bujar oýnawaçly otagda oýnamagyň tapawudyny düşündirmeli. Haýsy otagyň has owadan we gelşikli görünýändigini, haýsy otaga dostlaryny çagyrmak isleýändigini soramaly. Çagalar elbetde tertipli we oýnawaçlary ýerbe-ýer goýlan otagy saýlar.