1991-nji ýylyň tylla güýzünde türkmen halky asyrlarboýy eden arzuwyna ýetip, mukaddes Garaşsyzlygyna eýe boldy. Şondan bäri geçen döwrüň içinde berkarar Türkmenistan Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýan ýurduna, dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň birine öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jebisligiň, agzybirligiň nusgasyny görkezip, Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Baş baýramymyzyň şanyna geçirilen dürli toý çäreleri il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň, taryhy ösüşlerimiziň, ýeten belent sepgitlerimiziň aýdyň nyşany bolup dabaralandy.