Umumymilli forum: döwletli çözgütler, aýdyň maksatlar

2 Oktýabr 2024
397

Ruhy baýlygyň egsilmez çeşmesi

Milli Liderimiziň başlyklygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze sahypany açdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ählihalk forumynda eden çuň manyly çykyşlaryny uly üns bilen diňledik. Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitleri, öňde duran uly wezipeler barada giňişleýin aýtdy. Beýik işler adamlaryň kalbyna elmydama ýagtylyk saçýar. Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basan ýurdumyzda ykdysady kuwwaty, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli gowulandyrmak, bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli oňyn gazanylanlary netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredi. Häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin ýurdumyzda ähli amatly şertler bar.