Arkadagly Gahryman Serdar bilen ösüş saňa ýar, Watan!

1 Oktýabr 2024
354

Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan asylly däbi, dessury, ýörelgesi bolan geňeş etmek, toý tutmak agzybirlikden, döwletlilikden nyşan. Dana hem merdana ata-babalarymyzyň bu ýörelgesi häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Muňa ýakynda uly dabara bilen toýlanan baş baýramymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň hem-de Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly toýlanmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu şanly wakalar döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň agzybirligini we bagtyýarlygyny dabaralandyryp, täze taryhy eýýamymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy hem-de ony baýlaşdyrdy. Şeýle taryhy wakalara gatnaşmak, onuň gözli şaýady bolmak ykbalyň peşgeşidir. Bu buýsanç döredijilik adamlary bolan bize aýratyn ylham berýär.

Hawa, tyllaýy güýzüň ilkinji aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň, şol sanda biziň her birimiziň ruhumyzy belende göterdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakasy bolmak bilen, onda ileri tutulýan meselelere seredildi. Aýratyn hem, onuň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň has-da bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly bolmagy ildeşlerimizde, şol sanda umumymilli foruma gatnaşyjylarda çuňňur kanagatlanma döretdi, röwşen geljegimize bolan ynamy artdyrdy.

Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,
«Bereketli toprak».