«7/24.tm»:№40 (227) 30.09.2024
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzi türkmen halky üçin ýatdan çykmajak sene bolup, kalplara möhürlendi. Edil şonuň ýaly, Garaşsyzlygymyzyň yzysüre ýazylan birnäçe şygyrlar hem setirler uly-kiçileriň aňynda ýaşaýar. Munuň sebäbi şygryň ilkinjiliginden öňürti kalplaryň birliginden gözbaş alýar. Sebäbi şol senede şahyr bilen bir hatarda tutuş türkmen halky begendi, buýsandy.