Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle ajaýyp jümleler bar: «Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr». «Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdür. Biz döwletimiziň güýjünden güýç alýarys. Döwletimiziň ady bilen buýsanýarys, abraýy bilen beýgelýäris» diýlip, parasatlylyk bilen Watanyň mukaddesligine aýratyn ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen türkmen döwleti häzirki wagtda hemmetaraplaýyn ösüşleriň nusgawy ýoluny äleme äşgär etdi. Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan esasy wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar Diýarymyzda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslary, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak baradaky işler has-da kämilleşdirilýär. Şu ýyl mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyny amala aşyran belent maksatlary, gazanan beýik ösüşleri, gündelik üstünlikleri bilen mynasyp toýlaýar. Şunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyz Aşgabat hem-de şöhratly geljegiň şäheri — Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Arkadag şäheri häzirki wagtda rowaçlygyň, döredijiligiň, gurmagyň we döretmegiň asylly nusgasyny görkezip, türkmeniň beýik ösüşlerini äleme äşgär edýär.