1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni
Pähimdar ata-babalarymyzyň «Garry — öýüň sütüni», «Garryly öý — gaznaly öý», «Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg» ýaly nakyllary halkymyzyň ýaşululara goýýan hormat-sarpasynyň nyşany bolup durýar. Bu hormat-sarpanyň häzirki döwürde öňküdenem artandygyny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesilleriň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.