Beýik milli buýsanjymyz

25 Sentýabr 2024
345

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenip, täze taryhy zamanamyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ynha, 33 ýyl mundan ozal halkymyzyň özygtyýarly döwlet gurmak baradaky isleg-arzuwynyň wysalyna gowuşmagy netijesinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanun kabul edilip, ata Watanymyz Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi.

Toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimizde Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, joşgunly baýramçylyk dabaralarynyň, maslahatlaryň we sergileriň guralmagy ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryna egsilmez ylham berýär. Bu günki gün ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bütin dünýäde ykrar edilýär.

Amangeldi HEZZIÝEW,
welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.