Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi has-da belent derejelere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde, gurluşykda, umuman, ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy bellenilýär we bu şanly toýa uly sowgatly barylýar. Uly üstünliklere beslenýän şu günlerimizde hoş habarlar kalbymyzy heýjana getirýär. Şanly baýramçylyga sowgatly barmagy adat edinen ildeşlerimiz döredijilikli zähmet çekip, beýik ösüşlerimize öz goşantlaryny goşýarlar. Şeýle bolansoň, şanly Garaşsyzlygymyzyň şöhraty äleme dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň il-halky baradaky aladalary netijesinde ýurdumyzyň ösüşi has-da rowaçlanýar. Gurulýan beýik binalary, ulanylmaga berilýän täze ýaşaýyş jaýlaryny bu günki günde Watanymyzyň ähli künjeginde görmek bolýar. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň, ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygynyň alamatydyr. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ösüşiniň halkymyzyň abadan durmuşyna, asudalygyna, bagtyýarlygyna gönükdirilendigini buýsanç bilen belläsimiz gelýär.