Garaşsyzlyk bu berkarar Diýarymyzyň özygtyýarlylygyny we bitewüligini şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen Watanymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna gurýar we döredýär. Mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar.
Häzirki wagtda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen halky Garaşsyzlygyň gazananlaryna buýsanyp gurýar, döredýär, beýik tutumlara goşant goşýar. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde Watanymyzyň ýeten derejesine, içeri we daşary syýasatda gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda, kalbyň has-da joşa gelip, göwün guşuň ganatlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjegindäki täze, döwrebap obalar, şäherçeler, innowasion tehnologiýaly iri zawoddyr fabrikler, durmuş-medeni maksatly döwrebap binalar, bilim-terbiýe ojaklary, lukmançylyk merkezleri, saglyk, medeniýet öýleri hem-de beýlekiler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren miweleridir.