Baýramçylyk çäresi geçirildi

20 Sentýabr 2024
416

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, dabaralary giň gerime eýe bolýar. Bu şanly senä bagyşlap, Türkmenabat şäherindäki «Arzuw» toý mekanynda guralan baýramçylyk çäresi hem ruhubelentlige beslendi. Oňa ýaşulular, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy partiýa agzalarymyz gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglary diňlenildi. Olar hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary bilen Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň, uly ähmiýetli başlangyçlaryň, gazanylýan ösüşleriň asyrlara barabardygyny nygtadylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ösüşlerini has-da öňe ilerletmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň döwletimiziň halkara abraýynyň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokary göterilmegine uly itergi berýändigini buýsanç bilen bellediler.

Halmurat SETDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.