Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy

19 Sentýabr 2024
421

Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýuny mynasyp garşylamak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we dürli pudakda zähmet çekýän işjeň agzalary hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Aýdymlarda ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçly işleriniň waspy edildi. Şeýle-de, dabarada işjeň agzalaryň hem-de talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary belentden ýaňlandy.