Dünýä türkmenleri ata Watanymyzyň köpugurly ösüşlerine bolan ýürek buýsançlaryny ýaşaýan ýerlerindäki beýleki halklaryň wekilleri bilen paýlaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen topragynda amala aşyrylýan ägirt işleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wagyz etmek işine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi abraýly halkara jemgyýetçilik guramasy bolup, 1991-nji ýylyň 18-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň I maslahatynyň karary esasynda döredildi.