Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi bu gün dillerimiziň senasy, köňüllerimiziň owazy bolup ýaňlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkidip, milli demokratiýanyň aýdyň dabaralanmasyna öwrüler. Aslyny Oguz han türkmeniň döwründen alyp gaýdýan halk bilen maslahatlaşmak ýörelgesi mukaddes Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly syýasy-jemgyýetçilik waka öwrüljek taryhy forum türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Karary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçiriler. Maslahatda jemgyýetimiziň we döwletimiziň beýik ösüşlerine gönükdirilen möhüm çözgütlerdir kararlar kabul ediler.
Ata-babalarymyzyň agzybirligiň we abadançylygyň synmaz sütüni hasaplanýan ýaşuly nesil bilen maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelgeleri häzirki wagtda hem öz güýjüni ýitirmän gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şol pähime we milli demokratik ýörelgelere eýerip, ata-babalarymyzyň baý taryhy tejribesini göz öňünde tutup, döwlet ähmiýetli giň gerimli işleri halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşýar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, şonuň ýaly-da, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna, azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak hem-de kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar.