Türkmen tebigatynyň baýlyklary

18 Sentýabr 2024
440

Ata Watanymyzyň derde derman bolan mukaddes topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri ylmy taýdan öwrenmek hem-de lukmançylykda peýdalanmak, olardan ýokary hilli täze derman serişdelerini almak maksady bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri tarapyndan ylmy-tejribe işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ata-babalarymyzyň dürli kesellerde we ýarawsyzlyklarda giňden ulanan dermanlyk ösümliklerini häzir hem lukmançylykda peýdalanmak arkaly, ýaş nesliň sagdynlygyny gazanmaga itergi berilýär. Lukmançylykda bize Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri uly gollanma bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Çünki saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetinde durmuşyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Has dogrusy, ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir.

Maksat NURYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby lukmançylyk fakultetiniň uly mugallymy, lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.