Her ýyl asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň çar ýanynda täze binalar, döwrebap bilim ojaklary açylyp ulanylmaga berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Soltanow adyndakydaýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Bu döwrebap umumybilim berýän orta mekdebiň binasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Durdymyrat Çaryýew bilen beýik akyldarymyzyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasyna gatnaşyp, gyzykly maglumatlary ýazga geçirdik.