Okamak — baýlyk

2 Sentýabr 2024
483

Dünýäniň iň meşhur we baý bilim ojagy Garwardyň diwarlarynda şeýle ýazgy bar: Edil häzir uklasaň, arzuwlaryňy düýşüňde görersiň. Eger ýatmagyň deregine okamagy saýlasaň, arzuwlaryňy durmuşyňda görersiň. Ine, şu ýüregi buýsançdan joşup duranlar hem ýatmagyň deregine okamagy saýlanlar. Bular tüýs geljegi gurujylar!

Öňde-de biri: «Pursat barka pursatdan peýdalanmaly» diýýär. Rast aýdýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, ylymly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýylyň-ýylyna täze ýokary okuw mekdepleri açylýar, öň bar bolanlaryň okuw maksatnamalaryna täze hünärler girizilýär. Onsoň, ýaş nesillere diňe yhlas edip okaýmak galýar. Çünki biziň ýurdumyz arzuwlaryň wysala gowuşýan ülkesi. Biz munuň şeýledigine 2024-2025-nji okuw ýylynda talyp adyna eýe bolan gözleri begenç gözýaşlaryndan doly ýaşlary görenimizde-de has aýdyň göz ýetirdik. Olaryň ýürek joşgunlaryny özlerinden eşitmek bolsa has-da ýakymly.

Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».