Ylym-bilim uç-gyraksyz deňizdir. Ylym-bilim ynsaplylyk, adalatlylyk, lebzine wepalylyk, edermenlik, halallyk, şükürlilik, gaýratlylyk ýaly häsiýetler ýaly, adamlaryň köňlüni açyp görkezýän hazynadyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin ýagtylyk gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr» diýip, ylym-bilim mukaddesligini parasatly jümleler bilen beýan edýär.
Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri okamaga, öwrenmäge, bilimli bolmaga çalşypdyr. Nesilleriň ylym-bilimli bolmaklary üçin kitaphanalary, medreseleri, bilim ojaklaryny gurdurypdyr. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky bir rowaýata ýüzleneliň: «Bir adam öz ogluny ýedi ýaşynda bilim almak üçin molla beripdir. Oglan ukyply bolandygy üçin okamagy, ýazmagy tiz wagtda öwrenipdir. Kakasynyň oglunyň sowadyndan göwni hoşal bolupdyr.