Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen

30 Awgust 2024
490

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, bilim ulgamynyň mekdepden öňki, başlangyç, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usulyýetleri, şertleri, hili düýpli kämilleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bütindünýä maglumat ulgamy bolan internete birikdirilen dürli okuw-usulyýet enjamlary bilen abzallaşdyrmak, mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bilim we terbiýeçilik işlerinde öňdebaryjy usullary, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek zerur ýerine ýetirilmeli maksatlardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini öwrenmekleri zerur. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine-de möhüm orun degişlidir» diýip nygtaýar. 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärleriň etrap, şäher usuly-amaly okuwlary ýokary derejede guralyp, gyzgalaňly pikir alyşmalar geçirildi. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda daşary ýurt dili mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler, türkmeniň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini daşary ýurt dilleri sapaklarynda ulanmagyň ýollary, daşary ýurt dillerini okatmakda sanly tehnologiýany peýdalanmagyň iş tejribesinden we beýlekiler daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň gün tertibinde esasy maksat edinilen ugurlar boldy. Häzirki wagtda mugallymlaryň hünärini kämilleşdiriş okuwlary yzygiderli geçirilmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara iş, okuw we tanyşdyrylyş saparlary hem yzygiderli guralýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda» hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda çykaran buýrugy bilen tassyklanan «Sanly bilimi, sanly ykdysadyýeti we kiberhowpsuzlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň içki Meýilnamasynda» bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, bilim edaralarynyň mugallymlarynyň ylmy-pedagogik işgärleriniň we hünärmenleriniň arasynda «Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşigi» yglan edildi. Bu bolsa uzak aralykdan okuw tehnologiýalaryny ulanmak bilen, okuw işini guramagyň, bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň iň oňat, öňdebaryjy hem netijeli usullaryny saýlamaga giň mümkinçilikleri döreder. Häzirki wagtda sanly ulgam ýaşlaryň bilim almagynyň bir çeşmesidir. Soňky ýyllarda dürli platformalaryň üsti bilen ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli görnüşli bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, saýlap-seçip alan hünärlerine degişli dersleriň, daşary ýurt dilleri boýunça geçirilýän bäsleşikleriň sany artdy. Döwür bilim edaralarynyň mugallymlarynyň, ylmy-pedagogik işgärleriniň we hünärmenleriniň sanly ulgam arkaly bilim hem terbiýe bermegiň döwrebap usullaryny tapmakda döredijilikli çemeleşmeklerini talap edýär. 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine laýyklykdaky Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilimiň hilini, şeýle hem pedagogik işgärleriň reýtingini ýokarlandyrmaga, maglumat tehnologiýalary esasynda bilim bermegiň usullaryny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri açar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak barada beren tabşyrygy esasynda, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda çykaran Karary bilen tassyklanan «Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakynda Düzgünnama» laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakynda Düzgünnamanyň täze görnüşi tassyklandy. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi meýilnamalaýyn, anyk öňde goýlan wezipeleri amal etmek bilen durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Watanymyzyň röwşen geljegi hem daýanjy bolan ýaşlaryň bilimli-ylymly bolmaklary ugrunda ägirt uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!

Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.