Şu günler ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri, mekdep okuwçylary hem-de ene-atalar ýakynlap gelýän täze okuw ýylyny garşylamaga işjeň taýýarlyk görýärler. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçen awgust maslahatlarynda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
12 — 17-nji awgustda geçirilen etrap (şäher) usuly-amaly okuwlarynda, 19-njy awgustda etrap (şäher) maslahatlarynda hem-de 20-nji awgustda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirliklerinde guralan maslahatlarda bilim işgärleriniň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekdäki wezipeleri, geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler hem-de täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işler barada pikir alşylyp, olary durmuşa geçirmegiň netijeli çözgütleri beýan edildi. Maslahatlarda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, şeýle hem beýleki ugurdaş resminamalara laýyklykda, täze okuw ýylynda bilim edaralarynda öňde durýan wezipeler barada bellediler. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we täze gözýetimleri, bilimiň sanly gurşawyny emele getirmek, innowasion bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilmeli işler hakynda aýdyldy.