Ruhy baýlyk

21 Awgust 2024
377

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Kararda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim bermegiň hilini dünýä standartyna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak baradaky anyk wezipeler kesgitlenendir. Anyk wezipeleriň özeninde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzy ösen tehnikalaryň, innowasion tehnologiýalaryň ähli pudaklara giňden ornaşdyrylýan döwründe gülleýän, gül açýan ýurda öwürmek maksatlary bar. Bu belent maksatlara ýetmekde mugallymlara uly wezipeler degişlidir. Ak mekdebiň gapysyndan ätlän birinji synp okuwçysy üçin mugallym, ata-ene bilim-terbiýe beriji mekdep bolup durýar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, «Mugallymyň kim?» diýen soraga, ýaşajyk okuwçy jibirdäp «Mugallymym pylany» diýip, buýsanç bilen pert jogap berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylmyň, tehnikanyň ösen döwründe ýaşlara uly ynam bildirip: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär.

Nurgeldi AŞYRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Tebigy we takyk bilimler bölüminiň uly ylmy işgäri.