Bilim — bagtyň açary

13 Awgust 2024
629

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly kämil nesli kemala getirmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär, bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek ugrunda buýsanja mynasyp tagallalar edilýär. Diýarymyzyň çar künjünde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem döwrümize mynasyp ýaşlary ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalaryň güwäsidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanylýar. Bu gün ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýetiň berilmegi, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslarynyň we usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bolsa, biz — bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar.

Bägül ÇARYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, etrap halk maslahatynyň agzasy.