Bolgariýadan hoş habar

13 Awgust 2024
497

5—11-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 31-nji Halkara matematika bäsleşigi (IMC-2024) geçirildi. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) Bolgariýa Respublikasyndaky Amerikan uniwersiteti (American University in Bolgaria) bilen bilelikde guran abraýly halkara bäsleşigine dünýäniň 59 döwletinden 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşikde türkmen ýaşlary hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Birnäçe gün dowam eden bilim bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gowy netije görkezmegi başardy. Şeýlelik-de şahsy hasapda 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala hem-de 8 höweslendiriji hormat hatyna mynasyp boldular.

Jeren AGAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.