Tejribe alşyldy

13 Awgust 2024
711

Düýn, hepdäniň duşenbe güni ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar başlandy. Şeýle okuwlar Sarahs etrap bilim bölüminiň çäginde hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Etrapdaky 1-nji orta mekdepde jemlenen mugallymlaryň usuly-amaly okuwlary aýry-aýry ugurlar boýunça geçirildi. Başlangyç synp mugallymlarynyň okuwlarynda öňdebaryjy mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Bu ýerde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler» atly tema boýunça maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Başlangyç synplarda okuwçylaryň dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň  dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen tema boýunça täzeçe usullar hakynda özara pikir alşyldy. Halypa mugallymlaryň maslahatlary aýratyn üns bilen diňlenildi. Başlangyç synplaryň okuwçylarynyň dürs ýazuw başarnyklarynyň kämilleşmeginde gündelik geçilýän derslerden soňra hem ýörite diktant depderlerini ýöretmegiň ähmiýeti taraplary dogrusynda aýdyldy. Ýaş hünärmenlere iş öwretmekde halypa-şägirt gatnaşyklarynyň işjeň ýagdaýa eýe bolmagynyň ähmiýetli barada hem bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyç synpa gelen okuwçylara şahsy kompýuterleriň  berilmeginiň   ähmiýetli taraplary dogrusynda uly buýsanç bilen nygtaldy.

* * *

Meýlis AKMYRADOW,
Sarahs etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.