Medeniýet hepdeligi — ruhy joşgunyň we ylhamyň baýramy

27 Iýun 2024
567

Berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesinden gelip çykýan aýdyň maksatlary kämil sungat hem-de döredijilik eserleri, aýdym-sazlar arkaly çeper wasp etmek, halkymyzy giň gerimli işlere ruhlandyrmak medeniýet-sungat işgärleriniň mukaddes borjudyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarymyzda her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yzygiderli geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi-de türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýram ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirildi.

2013-nji ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li gu­ral­ýan me­de­ni fo­rum umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň gen­ji-ha­zy­na­sy­na uly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rip, ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýär. Ol dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň hü­när taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne, tä­ze ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­ma­ga, ila­tyň me­de­ni de­re­je­si­ni art­dyr­ma­ga iter­gi ber­ýär. Bu dö­re­di­ji­lik baý­ra­my şan­ly wa­ka hök­mün­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze ta­ry­hyn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň her bi­ri Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni no­bat­ma-no­bat ka­bul et­mek bi­len, Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne goş­ýan go­şan­dy­ny, ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni, dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny gör­kez­mä­ge ça­lyş­ýar. Hep­de­li­giň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň ope­ra, aý­dym-saz, ki­no we teatr, şe­kil­len­di­riş, ama­ly-ha­şam sun­ga­ty, ede­bi­ýat, halk dö­re­di­ji­li­gi ýa­ly hä­zir­ki za­man türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň äh­li ugur­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.