Belent sepgitlere ruhlandyrdy

17 Iýun 2024
673

Annaguly ANNAGULYÝEW,
Gyzylarbat etrabynyň “Arkaç” daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

— Orak möwsüminiň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň galla oragynyň barşy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna iş sapary bilen gelmegi, onuň dowamynda ekiz taýym Aşyrguly ikimiz bilen söhbetdeş bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň alyp barýan işlerimiz, maşgala ýagdaýlarymyz bilen ýakyndan gyzyklanyp, orak möwsüminde uly üstünlikleri arzuw etdi. Biz parasatly döwlet Baştutanymyza doganym ikimiziň her birimiziň kärendesine alan ýerimiziň 105 gektara ýetýändigini, indi 30 ýyla golaý wagt bäri daýhançylyk bilen meşgullanýan kakamyz Atagulynyň kärende ýeriniň 200 gektara golaýlaýandygyny, Aşyrguly bilen ata kesbini mynasyp dowam etdirýändigimizi gürrüň berdik. Şol tolgundyryjy pursatlarda hormatly Prezidentimiz bize gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Munuň üçin begenjimiziň çägi ýok.