Söýgüli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň: «Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,//Bereketli gelsin tylla güýzüňiz» diýen gyzyla gaplaýmaly hoş niýetli arzuwynyň asyl manysyna dogry düşünýän ýurdumyzyň edermen oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň ähli işgärleri, hususyýetçiler oba hojalyk önümlerini öndürmekde, ony gaýtadan işläp, bazarda haryt bolçulygyny döretmekde, şeýle-de özümizden artýan bölegini daşary ýurtlara ugratmakda egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Şu gün düýnküden, ertir şu günküden, şu ýyl geçen ýylkydan artyk önüm öndürmeli. Ýeriň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almaly» diýen pikire uýýarlar.
Oba hojalygynda toplanan baý tejribäni ylymda gazanylan täzeliklerdir üstünlikler bilen utgaşdyryp alyp barmagy özlerine baş ýörelge edinen Mary welaýatynyň ussat kärendeçileri möwsümleýin işleriň her birine irgözinden girişýärler. Olar şu ýylyň bugdaý hasylynyň ekişine hem 2023-nji ýylyň güýzünden, irki möhletde girişdiler. Gallaçylaryň sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, bol hasyl berýän, kesellere durnukly, ýokary hilli bugdaý tohumy bilen ýeterlik üpjün edilmegi, yzgar, ösüş suwunyň, mineral we organiki dökünleriň, agrotehniki talaplara laýyklykda öz möhletinde berilmegi, haşal otlara garşy göreş çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagy ýer eýeleriniň ekiş geçiren meýdanlaryndan kadaly gögeriş gazanmagyna, gerek iýmitini, suwuny, boýuny alan ak ekinleriň suwunyň süýjäp, tümmüllemegine getirdi. Öz zähmetinden çäksiz lezzet alýan kärendeçiler häzirki wagtda ekinlere ösüş hem-de tümmül suwuny berýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin geçen güýzde 170 müň gektar ýere ak bugdaýyň tohumyny sepen welaýatyň gaýratly gallaçylarynyň ekinleriniň ýagdaýyndan çen tutup, şu ýyl 345 müň tonna ak bugdaý öndürmek baradaky şertnamalaýyn tabşyryga abraý bilen amal etjekdiklerine berk ynanýarsyň. Olar ynamy ödemek üçin ak ekinlere göwnejaý hyzmat etmek bilen, öňümizde duran galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly barýarlar. Welaýatyň gallaçylary «Mary welaýat oba hyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehnikalara tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanalarynyň ýolbaşçy düzümleri, hünärmenleri we işgärleri bilen maslahat geçirýärler. Galla orýan kombaýnlaryň orak möwsümine taýýarlanyşy, tehnikalara iş üstünde ediljek tehniki we gaýry hyzmatlar, ýetiriljek goldaw-hemaýatlar bilen ýerinde tanyşýarlar. Önümçilik birleşiginiň etraplardaky kärhanalarynyň hünärmenleri galla orýan kombaýnlary we bu işe çekiljek gaýry tehnikalary hem-de oba hojalyk gurallaryny ýene bir ýola ykjam gözden geçirýärler. Kombaýnlara iş üstünde hyzmat etmek maksady bilen döredilen tehniki hyzmat ediş toparlarynyň üpjünçiligini barlap, gözden geçirip, toparyň düzüminde zähmet çekjek işçileriň, kebşirleýjileriň, ussalaryň iş tejribeleri, hünär ussatlygy bilen tanyşýarlar.