«Bagabat» — melhemler mekany

7 Maý 2024
926

«Bagabat» şypahanasy Ak bugdaý etrabynyň dag eteginde ýerleşýär. Säher bilen bu ýere ýola düşeniňde, tebigatyň täsin simfoniýasy — guşlaryň hoş owazy seni garşy alýar. Käkilikleriň jak-jak urup, saýraýan sesleri şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen aýdymy bada-bat ýadyňa salýar. Dag jülgesiniň içinden gidip barýarkaň, aýdymyň her setiri gulagyňda ýaňlanyp, dag gözellikleriniň içine alyp gidýär.

Tebigatyň ilkibaşdaky durky, arassa dag howasy we bu ýerdäki dürli melhemler seniň derdiňi dep edýär. Häzirki wagtda saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugry hökmünde şypahanalaryň hyzmatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Zähmet bilen dynç alşy utgaşykly guramak, ilatyň döwrebap şertlerde saglygyny berkitmegi üçin mümkinçilikleri döretmek, şypahana işini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler adam hakyndaky aladanyň esasy ugrudyr. Çünki şypahanalar tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly ynsanlara şypa berýär.

Güljan ATAJANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.