Bagdan bereket tapanlar

2 Maý 2024
897

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça asylly işleri durmuşa geçirmekde, ilkinji nobatda, tejribeli bagbanlara uly ynam bildirilýär. Hysyrdyly we irginsiz zähmeti talap edýän bagbançylyk işi hemme kişä başardyp hem barmaýar. Şonuň üçin mekdepde biologiýa dersinden sapak berýän, bagbançylyk işinden oňat baş çykarýan Döwrangeldi Döwletowy daýhan birleşiginiň baş bagbanlygyna bellediler. «Bagy-da, bagbanlar toparyny-da özüň döret» diýip, oňa 50 gektar ýer bölüp berdiler. Şeýlelikde, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda obamyzda başy başlanan bu sogaply işi dowam etdirmäge höwesli adamlar soňlugy bilen has-da köpeldi.

Döwrangeldiniň yhlasy ýerine düşdi. Bag ekmäge höwesekleriň arasynda körpe ogly Ýalkabyň-da bolmagy ony hem begendirdi, hem oýlandyrdy. Şonda ol, bir tarapdan, öz ýolunyň dowam etdiriljekdigine begense, ikinji tarapdan, oňa bu ugurdan ähli bilýän zatlaryny öwredip başlady. Her gezek beýleki bagbanlar maslahat sorap gelenlerinde, ol Ýalkaby-da çagyryp, öz tejribesine daýanyp olara maslahat bererdi. Şonda baş bagbanyň esasy daýanjy bagçylyk baradaky ylmy gollanma bolupdy. Şeýle kitaplaryň köpüsini ýygnan Döwletgeldi bagban bagbançylygyň inçe syrlaryny öwrenmekleri üçin kitaplary beýlekilere-de berip, olaryň hem tejribesiniň artmagyna goşant goşdy. Aýratyn-da, ogly Ýalkabyň bag nahallaryny sapmak arkaly geçirýän tejribeleri oňa has-da ýaraýardy. Onuň: «Oglum, bilip goý, diňe şäniklini şäniklä, çigitlini çigitlä sapyp bolýandyr...» diýip aýdýan sözleri Ýalkabyň aňynda ýaňlanar durardy. Ondan bäri köp ýyllar geçdi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).