Ýakynda biz Türkmenbaşy şäherindäki «Hazar» döwlet tebigy goraghanasyna degişli bolan «Tebigat» muzeýine bardyk. Bu ýerde goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Sähetmyrat MÄMMEDOW bilen duşuşyp, goraghananyň alyp barýan işi dogrusynda söhbetdeş bolduk.
— Sähetmyrat aga, bize goraghanaňyz, onuň döreýşi barada gürrüň beräýseňiz?